JEMGYÝET

Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki desgalar satuwa çykarylýar

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki 15 sany desgany hususylaşdyrmak boýunça bäsleşikli söwdalary yglan etdi. «Türkmenistan» gazetiniň duşenbe güni habar berşine görä, bäsleşikli söwdalar 20-nji aprelde Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçiriler, diýip, «business.com.tm» ýazýar.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň we Daşoguz, Lebap hem-de Mary welaýat häkimlikleriniň desgalary satuwa çykarylýar.

Bäsleşikli söwdalara gatnaşmaga milli kanunçylykda bellenilen tertipde öz wagtynda ýüztutma beren, öňünden ýörite tölegleri tölän hem-de bäsleşikli söwdalara gatnaşmak üçin hasaba alnan Türkmenistanyň we daşary döwletleriň raýatlary, şeýle hem Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk edara görnüşli taraplary çagyrylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: