YKDYSADYÝET

Türkmenistanda döwlet emläginiň birnäçesini satmak boýunça bäsleşikli söwda yglan edildi

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki binalary satmak boýunça bäsleşikli söwda yglan etdi. Söwda 12-nji oktýabrda sagat 10:00-da döwlet emlägi söwdasynyň sanly meýdançada geçiriler. Olaryň arasynda Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän binalar hem bar:

Lebap welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň «Dostluk» alyjylar jemgyýetiniň öňki «Amyderýa» söwda kärhanasynyň binalary, Döwletli etrabynyň Amyderýa şäherçesi; Hojambaz etrap alyjylar jemgyýetiniò limon ýyladyşhanasy; «Garagumsakagurluşyk» önümçilik dolanyşygynyň Köýtendag etrabynyň Mukry şäherçesiniň Dostluk köçesiniň ugrunda ýerleşýän sement ammary; Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 19-njy gurluşyk-gurnama müdirligi, Döwletli etrabynyň Amyderýa şäherçesiniň S.A.Nyýazow adyndaky köçesiniň 22-nji jaýy; ürkmenabat şäheriniň «Himik» kiçi etrapçasynyň Zelili köçesiniň ugrunda ýerleşýän binasy; «Lebapdaşarysöwda» daşary ykdysady birleşiginiň Türkmenabat şäheriniň Mukaddes Ruhnama köçesiniň ugrunda ýerleşýän dükan jaýy; «Lebapdaşarysöwda» daşary ykdysady birleşiginiň Türkmenabat şäheriniň Azatlyk köçesiniň ugrunda ýerleşýän «Döwrebap» dynç alyş we söwda merkezi; Lebapdaşarysöwda» daşary ykdysady birleşiginiň Türkmenabat şäheriniň Garaşsyz Diýar we Merw köçeleriniň çatrygynda ýerleşýän iki gatly binasy; «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 18-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň Dänew etrabynyň Berzeň geňeşliginiň Hendekli obasynda ýerleşýän bişen kerpiç öndürýän sehi; «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 18-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň Saýat etrabynyň Suwçyoba şäherçesiniň golaýynda ýerleşýän dynç alyş öýi; «Lebapgurluşyk« önümçilik birleşiginiň Türkmenabat şäheriniň «Bahar» kiçi etrapçasynyň 27-nji jaýynyň gapdalynda ýerleşýän binasy; “Lebapdaşarysöwda” daşary ykdysady birleşigniň Türkmenabat şäheriniň Azatlyk köçesiniň ugrunda ýerleşýän «Saraý» söwda merkezi; «Lebapdaşarysöwda» daşary ykdysady birleşiginiň Türkmenabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan köçesiniň 24/3-nji salgysyndaky önümçilik jaýy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: