TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda Döwlet býujetiniň girdejisini artdyrmak boýunça degişli işler alnyp barlar

Hormatly Prezidentimiz 13-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde 2026-njy ýylda ykdysady ugur boýunça öňde goýlan wezipeleriň arasynda Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmagyň hem-de çykdajylary maksatlaýyn peýdalanmak boýunça gözegçiligi güýçlendirmegiň möhümdigini aýtdy.
Şeýle-de milli ykdysadyýetiň senagatlaşma derejesini pugtalandyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek, hususy bölegiň paýyny artdyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmek zerurdygy nygtaldy. Bu tabşyryklar maliýe durnuklylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly möhüm ugurlar hökmünde görkezildi.
Netijede, degişli ýolbaşçylara maliýe-ykdysady dolandyryşy kämilleşdirmek boýunça anyk çäreleriň alnyp barylmagy tabşyryldy.