YKDYSADYÝET

Türkmenistanda dokma kärhanalarynyň birnäçesi döwrebaplaşdyrylar

Wise-premýer N.Atagulyýew 10-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde
Türkmenistanyň dokma senagatyna degişli kärhanalary döwrebaplaşdyrmak hem-de olaryň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda degişli pagta egirme we nah ýüplük egriji fabrikleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda dokma senagaty pudagynyň önümçiligini döwrüň talabyna görä ösdürmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi we dokma kärhanalarynyň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen bagly taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.