TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda dokma kärhanalary döwrebaplaşdyrylýar

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň bökdençsiz işini üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär.
TDH-niň habar berşi ýaly, 28-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew bu barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurduň dokma senagatynyň önümlerine içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär. Bu önümleriň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak üçin maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar, daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň dokma kärhanalarynda ýokary hilli, ekologik taýdan arassa dokma önümleriniň öndürilýändigini, häzirki wagtda bu önümleriň içerki we daşarky bazarlarda giň orun alýandygyny belledi.
Döwlet Baştutany dokma kärhanalarynyň önümçilik enjamlaryny netijeli işletmek bilen bagly taýýarlanylan teklipleri goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: