Türkmenistanda dokma kärhanalary döwrebaplaşdyrylar
Hökümetiň 24-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew döwlet Baştutanyna dokma senagaty kärhanalarynyň maddy-tehniki üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Dokma senagaty ministrliginiň garamagynda edara-kärhanalaryň onlarçasy hereket edip, olaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak babatda zerur işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutany pudagyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek, önümçilik kuwwatyny artdyrmak maksady bilen taýýarlanylýan teklibi makullady we wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.