YKDYSADYÝET

Türkmenistanda diş ýuwýan çotgalary öndürýän kärhana öz işine başlady

Gökdepe etrabynyň Ýaňgala geňeşliginiň çäginde açylan diş ýuwýan çotgalary öndürýän häzirki zaman tehnologiýaly döwrebap kärhana öz işine başlady.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Täze saba» hojalyk jemgyýetine degişli bolan bu kärhananyň gurluşygyny «Ýüpek ýol harytlary» hojalyk jemgyýetiniň ezber elli gurluşykçy-hünärmenleri alyp bardylar. Täze kärhanada Awstriýanyň «ENGEL GmbH» we Germaniýanyň «ZAHORANSKY AG» kompaniýalarynyň häzirki zaman tehnologiýalarynyň, enjamlarynyň oturdylmagy bilen ýylda diş çotgasynyň 5 millionyny öndürmäge mümkinçilik bardyr. Şeýle hem, bu ýerde ýerli ýaşlaryň 30-dan gowragy döwrebap iş orunlarynda zähmet çekerler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: