Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary Döwlet migrasiýa gullugynda hasaba almagyň tertibi bilen bagly kanunçylyk kämilleşdirildi. «Migrasiýa hakyndaky» Kanunyň 12-nji maddasyna girizilen üýtgetmeler bilen hasaba almak, möhledini uzaltmak we hasapdan çykarmak işleri elektron görnüşde amala aşyrylar.
Täze düzgünlerde hasaba almak üçin esaslar hem giňeldildi. Daşary ýurt raýatynyň ýaşaýan ýeriniň üýtgemegi, pasportynyň çalşylmagy ýa-da möhlediniň uzaldylmagy hem şol esaslaryň hataryna goşuldy. Şeýle hem üstaşyr geçýän ýolagçylar üçin Türkmenistanda hasaba durmazdan bolmagyň möhleti bäş gün diýlip anyklaşdyryldy.
Mundan başga-da, bolýan ýeri boýunça hasaba durmakdan boşadylan adamlaryň sanawy giňeldildi. Oňa halkara guramalaryň işgärleri we olaryň maşgala agzalary hem girizildi.
Türkmenistanda daşary ýurtlylary hasaba almagyň tertibi täzelendi
18
Apr

