TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda daşary ýurt dilleriniň öwrenilişi kämilleşdiriler

Hökümetiň 24-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa döwlet Baştutanyna “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň
Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Konsepsiýa üç tapgyrda amala aşyrylyp, bilim edaralarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň yzygiderli we özara baglanyşykly ulgamy döredildi. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen esasy dillerde we türkmen dilinde elektron sözlükler taýýarlanyldy, ykjam programmalar işlenilip düzüldi, okuw kitaplary neşir edildi. Ýurduň okuw merkezlerinde daşary ýurt dilleri boýunça bilimi bahalandyrýan halkara derejeli şahadatnamalary almak üçin ýörite taýýarlaýyş okuwlary ýola goýuldy.
Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň çäklerinde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri, halkara derejeli bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, halkara ölçeglere laýyk gelýän innowasion usulyýeti ulanmak arkaly 2024-nji ýylda ýurdumyzda daşary ýurt dillerini özleşdiriş derejesini bahalandyrmak boýunça monitoring geçirildi. Onuň netijeleri bilen bagly jemleýji halkara ylmy maslahat guraldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: