Türkmenistanda dabaraly harby ýöriş geçirildi
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk ýörişi baýdak göterijiler topary bilen açyldy. Olar dabaraly ýörişiň owazy astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň baýdaklary bilen Döwlet münberiň öňünden ynamly gadamlar bilen geçdiler.
Mertebe tuguna deňelýän bu baýdaklar Watana wepalylygyň alamaty hökmünde ygtybarly gollarda saklanylýar. Ata-babalarymyzyň watançylyk ýörelgelerine ygrarly nesiller Döwlet baýdagymyzy we goşun görnüşleriniň baýdaklaryny belent parladyp, mizemez watançylyk ruhuny döretdiler.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary bu günki dabaraly harby ýörişde özleriniň ýaş watançy nesillerdigini subut etdiler. Olaryň sazlaşykly we ynamly gadamynda ata Watanymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza wepalylyk, kasama ygrarlylyk duýuldy.