YKDYSADYÝET

Türkmenistanda çüýşe önümlerini öndürýän täze önümhana gurlar

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda çüýşe önümlerini öndürýän täze önümhana gurlar. Türkmenistanyň Prezidenti özüniň Karary bilen Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň taslamasyny düzmek we gurmak barada “Rysgally zähmet” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga rugsat berdi. Potratçynyň üstüne onuň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak, elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň daşarky eltiji inženerçilik ulgamlaryny gurmak wezipeleri hem ýüklenilýär.

Önümhananyň kuwwaty bir gije-gündizne 100 tonna barabar bolar. Ol 2025-nji ýylyň iýul aýynda ulanmaga doly taýýar edilip tabşyrylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: