Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň kuwwatlylygy bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürmäge niýetlenen täze önümhanasy dabaraly ýagdaýda işe girizildi. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.
Täze önümçilik gurluşyk materiallaryna bolan içerki islegleri kanagatlandyrmaga, ýurduň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmaga we goşmaça iş orunlaryny döretmäge gönükdirilendir.
Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Türkmenistanda çüýşe önümlerini öndürýän täze kärhana açyldy
09
Sep

