JEMGYÝET

Türkmenistanda COVID-19 hasaba alynmady

Türkmenistanyň BSGG-niň Ýewropa sebitindäki COVID-19 keseliniň hasaba alynmadyk ýeke-täk ýurt bolup durýar.
Bu barada 2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen brifingde Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň (BSGG ÝSE) konsultatiw-tehniki wekiliýetiniň ýolbaşçysy Katerin Smolwud aýtdy. Brifingiň netijeleri baradaky hasabat Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda çap edildi.
Ozal habar berşimiz ýaly, BSGG-niň wekiliýeti Türkmenistana 7-nji iýulda gelipdi. Wekiliýetiň ýolbaşçysy Katerin Smolwud saparyň dowamynda bilermenleriň ýurduň paýtagtyndaky hem-de welaýatlaryndaky dürli saglygy goraýyş edaralaryna, giriş nokatlaryna, laboratoriýalara barandyklary we saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri bilen duşuşandyklary, şonuň ýaly-da, epidemiologiki gözegçiligi boýunça geçirilýän çäreler bilen tanşandyklary barada gürrüň berdi. Ol öňüni alyş çäreleriň berkidilmeginiň dowam etdirilmeginiň gerekdigini aýtdy.
BSGG-niň bilermenleri COVID-19-a garşy taýýarlygynyň we dessin çäreleriň görülmeginiň derejesini ýokarlandyrmak boýunça strategiki maslahatlar bilen paýlaşdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: