Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň başlangyjy bilen her ýylyň 14-nji iýunynda Bütindünýä gan donorynyň güni bellenilýär. Bu sene mynasybetli ýurdumyzyň Aşgabat, Arkadag şäherleriniň, welaýat Saglygy goraýyş müdirlikleriniň garamagyndaky ähli bejeriş-öňüni alyş edaralary tarapyndan hem ylmy-amaly maslahatlar, gan tabşyrmak çäreleri guramaçylykly geçirildi.
Bütindünýä gan donorynyň gününde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Gan merkezinde, Arkadag şäherindäki 350 orunlyk köpugurly hassahanada maslahatlar geçirildi. Olarda çykyş eden lukmanlar ýurdumyzda ynsan saglygy baradaky aladanyň ähli zatdan ileri tutulýandygyny aýratyn nygtadylar.
Bellenilişi ýaly, il saglygy ýurt baýlygyna deňelýän Watanymyzda adam saglygyny berkitmek we onuň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Halkymyzyň hassa duýgudaşlyk bildirmek, ýagşylyk etmek ýaly asylly ýörelgelerinden ugur alnyp, degişli lukmançylyk edaralarynda donorlaryňgatnaşmagynda gan tabşyrmak işleri üstünlikli ýerine ýetirilýär. Bütindünýä gan donorynyň güni bolsa her ýyl kesgitlenen şygar bilen dünýäniň köp ýurtlarynda bellenilýär. Şu ýyl onuň şygary “Gan tabşyryň, umyt beriň! Bilelikde ömürleri
halas edeliň!” diýlip atlandyryldy. Maslahatlarda edilen çykyşlarda donorçylyk hereketiniň ýagşylyk etmek ýaly belent ynsanperwer häsiýetlerden gözbaş alýan ýörelgedigi bellenildi. Çünki donor bolup gan tabşyrmak bilen, özgäniň janyny halas etmek belent adamkärçilikden nyşandyr. Ylmy barlaglaryň tassyklamagyna görä, bedenden kesgitlenen möçberde yzygiderli gan aldyrmak
adam üçin zyýansyz we howpsuz bolup, bu iş saglyga-da oňaýly täsirini ýetirýär.
Maslahatlarda gan tabşyrmak boýunça çärelere işjeň gatnaşýan donorlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Şol gün gan almaga niýetlenen göçme awtoulaglaryň kömegi bilen dürli ýerlerde, şol sanda paýtagtymyzdaky Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezinde, Arkadag şäheriniň awtoulaglar kärhanasynda gan tabşyrmak çäreleri geçirildi. Olaryň çäklerinde isleg bildiren saglygy goraýyş işgärleri we awtoulag sürüjileri gan tabşyryp, bu ynsanperwer işe öz goşantlaryny goşdular.
Güljahan BABANYÝAZOWA,
Türkmenabat şäherindäki 1-nji saglyk öýüniň baş şepagat uýasy.