BILIM

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin kompýuterler taýýar edildi

Her ýylyň başynda 1-nji synpa okuwa barýan okuwçylara hormatly Prezidentiň adyndan noutbuk kompýuterleriniň sowgat berilmegi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Şu ýyl hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem-de paýtagtymyzda täze okuw ýylynyň başlanmagyna gabatlap bagtyýar körpelere döwrebap “Bilimli” atly kompýuterler gowşuryldy. Bu çäre ýaş nesillere goýulýan aladanyň aýdyň subutnamasydyr.
Bilim ministrligine degişli kärhanalaryň gatnaşmagynda guralan bu giň gerimli çärede jemi 137 müň 54 sany kompýuterler taýýarlanyp, ýurdumyzyň ähli künjeklerine öz wagtynda iberildi. Şeýlelikde, ilkinji gezek ak mekdebe gadam basýan çagalaryň döwrebap bilim almagy üçin giň mümkinçilikler döredildi.
Sowgat edilen kompýuterler ýurdumyzyň sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegine hem uly goşant boldy.