TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda birinji synp okuwçylara ýene-de noutbuklar sowgat berler

Türkmenistanda 2026 — 2027-nji okuw ýylynda umumybilim berýän orta mekdepleriň birinji synpyna okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterleri sowgat berler. Bu ugurda degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen degişli mukdardaky noutbuk kompýuterlerini satyn almak, olary 2026-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de tehniki hyzmat etmek boýunça şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Şertnamalar “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy we “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti bilen baglaşylar.