TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda bikanun hususy lukmançylyk işi üçin jogapkärçilik güýçlendirildi

Türkmenistanda Administratiw hukuk bozulmalary baradaky Kodeksiň 86¹-nji maddasynyň täze rejelenen görnüşi kabul edildi. Hususy lukmançylyk tejribesi we hususy dermanhana işi bilen bikanun meşgullanmak bilen bagly bu kanuna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde gol çekdi. Ol 2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan güýje girer.
Täze tertibe görä, indi ygtyýarnamasyz ýa-da ygtyýarnamanyň şertlerini bilkastlaýyn bozup hususy lukmançylyk ýa-da dermanhana işi bilen meşgullanmak, saglyga zyýan ýetmedik ýagdaýynda-da, administratiw jogapkärçilige getirýär. Şeýle ýagdaýda bäşden on binýatlyk mukdara çenli jerime salynyp, derman serişdeleri we lukmançylyk maksatly önümler döwletiň haýryna geçirilip bilner.
Düzgün bozulma bir ýylyň dowamynda gaýtalansa ýa-da topar bolup edilse, ondan ýigrimi binýatlyk mukdara çenli jerime, emlägiň muzdsyz alynmagy ýa-da ýedi güne çenli administratiw tussaglyk bellenilýär. Eger bu hereketler netijesinde saglyga ýeňil ýa-da ortaça agyrlykda zyýan ýetirilse, jerimeler we tussaglyk möhletleri has-da artdyrylýar.