Türkmenistanda Belarusyň täze ilçisi bellenildi
Stanislaw Çepurnoý Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellendi. Bu barada ýurduň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko degişli karara gol çekdi.
Mundan ozal, Stanislaw Çepurnoý Belarus Respublikasynyň Ministrler
Kabinetiniň Diwanynyň halkara hyzmatdaşlyk we söwda müdirliginiň başlygy
wezipesini alyp barýardy.
Täze bellenen ilçi žurnalistler bilen söhbetdeş bolup, onda Belarus bilen
Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň özara hormat
goýmak hem-de hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp ösdürilýändigini belledi.