Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäherde umumybilim berýän mekdebi döwrebaplaşdyryp, ony daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdebe öwürmek boýunça meýilleşdirilen işler barada hasabat berdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Milli Liderimiz bu başlangyjy oňlap, täze mekdebiň ähli düzümleriniň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagyna, hususan-da, lingafon otaglarynyň we beýleki okuw otaglarynyň halkara ölçeglerine laýyk gelmegine aýratyn üns berilmelidigini belledi.
Şeýle hem bu okuw mekdebiniň ýaşlary bakalawr we magistratura ýaly ugurlara ugrukdyrmaga ýöriteleşdirilen bilim ojagyna öwrülmelidigi nygtaldy. Bu ýerde bilim alan uçurymlar öz saýlan hünärleriniň eýesi bolmakda giň mümkinçiliklere eýe bolup, daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek arkaly dünýä ylmyna aralaşyp bilerler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri degerli maslahatlaryny berip, hemmeleri Täze ýyl bilen gutlady hem-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde uly rowaçlyklary arzuw edip, iş saparyny tamamlady.
Türkmenistanda bakalawr we magistratura ýaly ugurlara ýöriteleşdirilen ilkinji mekdep açylar
14
Jan
