YKDYSADYÝET

Türkmenistanda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen 300 million amerikan dollary bölünip berildi

Türkmenistanda ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen 300 million amerikan dollary bölünip berildi. Onuň 150 milliony goldaw hökmünde telekeçilere, ýene-de şonçasy zerur azyk harytlaryny satyn almak üçin Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine beriler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu barada degişli Karara gol çekdi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça maskada laýyk işler alnyp barylýar. Şonda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň möçberlerini azaltmaga, ýerli önümçiligi ösdürmäge aýratyn orun berilýär. Netijede ýurtda öndürilýän azyk önümleriniň möçberi ýylsaýyn artýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: