JEMGYÝET

Türkmenistanda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we bu ýerde önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler bilen tanşyp, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow ýurtda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredilip, onda saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli ulanylýan, bir gezeklik lukmançylyk serişdeleriniň, başgaplaryň, aýakgap we agyz-burun örtükleriniň, düşek daşlyklarynyň öndürilýändigi barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, munuň özi lukmançylyk edaralarynda zerur bolan serişdeleriň ýerli çig mallardan öndürilýän möçberleriniň artmagynda we saglygy goraýyş edaralarynyň degişli serişdelere bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagynda ähmiýetlidir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy başy başlanan işiň üstünlikli dowam etdirilmelidigini, şunda degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde bu önümleri ulanmak we sarp etmek boýunça gollanmalary, düzgünnamalary taýýarlamak hem-de degişli usulyýet işini ýola goýmak babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: