BILIM

Türkmenistanda alymlyk derejelerine dalaşgärleriň degişli okuwlara kabul ediljek sany belli boldy

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 2025-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantlaryň,
doktorantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklandy.
Aspiranturany, doktoranturany açmagyň hem-de olaryň işiniň Tertibine laýyklykda, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň teklipnamalarynyň esasynda, öň hereket edýän aspiranturalara, doktoranturalara täze hünärler girizilýär.
Şu ýyl ylmyň ugurlary boýunça jemi 114 adam: aspirantura 22 adam, doktorantura 2 alym kabul ediler hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige 81 adam, ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgärlige 9 alym hasaba alnar.
Olaryň ylym ugurlarynyň hatarynda fizika-matematika, himiýa, biologiýa, tehniki, oba hojalyk ylymlary, taryh ylymlary we arheologiýa, ykdysady, filologiýa, hukuk, pedagogika, lukmançylyk, sungaty öwreniş ylymlary, psihologiýa, milli howpsuzlyk, syýasy ylymlar, medeniýeti öwreniş ylymlary, şeýle-de ýer baradaky ylymlar bar.
Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl aspirantura, doktorantura kabul etmek we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba almak jemi 63 hünär boýunça yglan edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: