YKDYSADYÝET

Türkmenistanda alkogolsyz içgileriň öndürilişi artdyrylýar

Lebap welaýatynyň telekeçileri alkogolsyz içgileriň öndürilişini artdyrýarlar. Olar geçen üç aýda dürli söwda nyşany bilen ilata hödürlenilýän içgileriň 90,7 müň dekalitrine ýakynyny öndürdiler we söwda nokatlaryna ugratdylar.

Bu geçen ýylyň degişli döwründäkisine garanda, 8,3 müň dekalitr köpdür. Üç aýda öndürilen önümiň 27,22 müň dekalitri bolsa mart aýynda çykaryldy. Howanyň gyzyp başlamagy bilen içgileriň öndürilişi hasam artdyrylyp başlanar.

Welaýatda alkogolsyz içgileri öndürmek bilen sekiz telekeçi we bir sany jogapkärçiligi çäklendirilen paýdarlar jemgyýeti meşgullanýar. Önümhanalaryň dördüsi Türkmenabat şäherinde, ikisi Çarjew, galanlary Köýtendag, Kerki, Halaç etraplarynda ýerleşýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: