Türkmenistanda Administratiw hukuk bozulmalary baradaky Kodeksiň 315-nji maddasyna girizilen üýtgetmeler bilen alkogolly önümleriň we temmäki önümleriniň söwdasy boýunça jogapkärçilik güýçlendirildi. Bu kanuna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde gol çekdi. Täze düzgünler 2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan güýje girer.
Täze tertibe görä, degişli belgileri bolmazdan alkogolly içgileri we temmäki önümlerini satmak, saklamak ýa-da daşamak üçin jerimeleriň möçberi ýokarlandyryldy. Şeýle hem ygtyýarnamasyz alkogol we temmäki önümlerini öndürmek, saklamak, daşamak ýa-da ýerlemek üçin täze jogapkärçilik çäreleri girizildi. Şeýle ýagdaýlarda jerime salmak bilen birlikde, önümleri döwletiň haýryna geçirmek hem göz öňünde tutulýar.
Şeýle düzgün bozulmalar bir ýylyň dowamynda gaýtalansa, fiziki we ýuridiki şahslar üçin has ýokary jerimeler bellenilýär. Bu üýtgetmeler degişli önümleriň dolanyşygyna gözegçiligi güýçlendirmäge gönükdirildi.
Türkmenistanda alkogol we temmäki söwdasyndaky jogapkärçilik güýçlendirildi
18
Apr

