TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatdaky ynsanperwer syýasat mundan beýläk hem üpjün ediler

«Döwletimiziň Konstitusiýasynda raýatlarymyzyň kepillendirilen hukuklaryny goramak meniň esasy borjum bolar» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow belledi.

Prezident Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ýurduň kanunçylygyny kämilleşdirmek işini dowam etdirjekdigini belläp: «Döwletimiziň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatdaky ynsanperwer syýasatyny mundan beýläk hem üpjün ederis» diýdi.

Şonuň ýaly-da, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ygtyýarlyklarynyň has-da kämilleşdiriljekdigini hem nygtady.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: