Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň Kent döwlet uniwersitetine saparynyň çäklerinde ABŞ bilen Türkmenistanyň uniwersitetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen möhüm gepleşikler geçirildi.
Hususan-da, geljekde Kent uniwersitetiniň şahamçasynyň açylmagyna esas boljak Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň esasynda bilelikdäki okuw meýilnamalaryny, şeýle hem goşa maksatnamalary işe girizmek boýunça işe başlamak barada ylalaşyk gazanyldy. Gepleşikleriň dowamynda ABŞ-nyň SUSI, Fulbright, IVLP we başga maksatnamalarynyň mümkinçilikleri hem göz öňünde tutuldy.