JEMGYÝET

Türkmenistanda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy döredildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy döredildi.  Ol «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň garamagyna berildi.

Resminamada akademiýanyň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan atlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak we baş sanyny köpeltmek, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri toplumlaýyn hem-de ylmy esasda taýýarlamak maksady bilen» döredilýändigi aýdylýar.

Pygy Hojamuhammedowiç Baýramdurdyýew Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory wezipesine bellenildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: