Türkmenistanyň Prezidenti ilatyň Halkara zenanlar gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen degişli Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2026-njy ýylyň 8-nji martyndaky dynç güni 9-njy marta — duşenbe gününe geçirildi. Bu karar Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň ikinji bölegine esaslanyp kabul edildi.
Şu Permanyň ýerine ýetirilmegi eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ýurdumyzyň ähli edaralary, kärhanalary we guramalary üçin hökmany bolup durýar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň raýatlary Halkara zenanlar güni mynasybetli yzygiderli dynç günlerinden peýdalanyp bilerler.
Türkmenistanda 9-njy martda-da dynç alnar
07
Mar

