Türkmenistanda ýokary tizlikli sanly aragatnaşygy ösdürmek ugrunda möhüm ädimleriň biri hökmünde «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan 5G hem-de 4G+ (VoLTE we LTE-Advanced ulgamlaryny goşmak bilen) nesil öýjükli aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça açyk halkara bäsleşik yglan edildi. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde habar berilýär. Bäsleşigiň çäklerinde häzirki hereket edýän mobil toruny döwrebaplaşdyrmak, täze kabul ediji-geçiriji binýatlyk stansiýalary satyn almak we ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Bäsleşik iki lotdan ybarat bolup, olaryň biri Aşgabat şäherini, şeýle hem Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlaryny, beýlekisi bolsa Lebap we Mary welaýatlaryny öz içine alýar. Degişli işler tehnologiýalary taslamak, enjamlary eltip bermek hem-de gurnamak ýaly ugurlary öz içine alar. Teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda kabul edilýär. Bu giň gerimli taslama ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýokary tizlikli internet hyzmatlarynyň elýeterliligini artdyrmaga we döwrebap sanly infrastruktura geçmegi üpjün etmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanda 5G tizlikli internet köpçülikleýin ornaşdyrylar
25
Mar

