Türkmenistanda 5 G tehnologiýasy ornaşdyrylar
Türkmenistanda çakyn geljekde gurulmagy meýilleşdirilýän «Aşgabat-sitide» hem iň kämil tehnologiýalary, döwrebap çözgütleri ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Şunda halkara tejribäni, 4G tehnologiýasy bilen deňeşdirilende, maglumat geçirijiligi 10 essä çenli ýokary bolup, ygtybarly we durnukly birikmeleri üpjün edýän 5G tehnologiýasynyň aýratynlyklaryny, tehniki häsiýetnamalaryny öwrenmek maksadalaýyk bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 14-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanynyň garamagyna «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň bu ugurda degişli işleri geçirmegi baradaky teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezident häzirki wagtda daşary ýurtlarda döwrebap 5G tehnologiýasynyň giňden ulanylýandygyny belläp, bu teklibi goldaýandygyny aýtdy we agentligiň ýolbaşçysyna şol tehnologiýanyň mümkinçiliklerini, aýratynlyklaryny öwrenmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.