Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň çykyşyny diňledi. Çykyşda 2026-njy ýylyň şygaryny kesgitlemek boýunça alnyp barlan işler we halkdan, jemgyýetçilik birleşiklerinden gelip gowşan teklipleriň esasynda degişli kararyň taýýarlanylandygy barada maglumat berildi.
Mejlisde döwlet Baştutany teklip edilen şygary goldap, 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan etdi. Şeýlelikde, geljek ýylyň ady döwlet derejesinde tassyklanyldy.
Türkmenistanda 2026-njy ýylyň şygary resmi taýdan yglan edildi
27
Dec
