Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde geljek — 2026-njy ýylyň nyşany baradaky mesele hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy tarapyndan taýýarlanan teklip hormatly Prezidentiň garamagyna hödürlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow her ýylda ýylyň şygary bilen birlikde onuň nyşanynyň hem kabul edilýändigini belläp, hödürlenen nyşany goldady. Şeýlelikde, 2026-njy ýylyň nyşany resmi taýdan tassyklanyldy.
Türkmenistanda 2026-njy ýylyň nyşany kabul edildi
27
Dec
