TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda 2026-njy ýyl üçin durmuş-ykdysady we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy

Hökümetiň 13-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisiniň dowamynda “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasy boýunça aýratyn hasabat diňlenildi. Taslama ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy.
Taslamada 2026-njy ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalary, ýerine ýetirilmeli işler hem-de sebitler boýunça durmuş-ykdysady we maýa goýum görkezijileri bellenildi. Şeýle-de ilatyň girdejilerini yzygiderli artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak boýunça çäreler göz öňünde tutuldy.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtamagyna görä, 2026-njy ýyl üçin öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin degişli çäreleriň ýerine ýetirilişi berk gözegçilikde saklanmalydyr.