Türkmenistanda 2025-nji ýylda ykdysadyýetiň ösüşine goýberiljek serişde belli boldy
2025-nji ýylda Türkmenistan ykdysadyýetiň ösüşine 40,1 milliard manat gönükdirmegi göz öňünde tutýar. Şunda bu maýalaryň agramly bölegi hususy
telekeçiligiň goldanylmagyan we ösdürilmegine gönükdiriler.
Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdeji we çykdajy bölegi 102 milliard 313,5 million manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesi gidejiler we çykdajylar boýunça 32 milliard 865,0 million manat möçberde tassyklanylypdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýyl üçin Döwlet
býujetini tassyklamak hakynda Kanuna gol çekdi. Onda hususy pudagy goldamaga aýratyn üns berilýär. Hususan-da, kiçi we orta telekeçiligiň ösüşini goldamak arkaly 2025-nji ýylda döwlete dahylly bolmadyk pudagyň jemi içerki önümde (JIÖ) eýeleýän ornuny 71,6 göterime çenli artdyrmak meýilleşdirilýär.