TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda 2025-nji ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler kesgitlenildi

Türkmenistanda amatly işewürlik gurşawyny döretmek arkaly kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek, işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak, ýurdumyza maýa goýumlary çekmegiň hem-de maýadarlary goldamagyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak
babatda işler geçiriler.
Bu barada Hökümetiň 24-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde aýdyldy. Şunuň bilen birlikde, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, girdejilerini yzygiderli artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutulýar. Şeýle hem 2025-nji ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijileriň, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalarynyň, ýerine ýetirilmeli işleriň, welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça durmuş-ykdysady ösüş görkezijileriniň bellenilendigi habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, özleşdirilmegi meýilleşdirilýän maýa goýumlaryň möçberleri barada anyk sanlar we maglumatlar getirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: