Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mejlisde çykyş edip, 2025-nji ýylyň dowamynda geçirilen döwlet çäreleriniň jemlerine degip geçdi. Onuň bellemegine görä, ýylda Ministrler Kabinetiniň 44 mejlisi, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 11 mejlisi hem-de dürli döwlet maslahatlarynyň 24-si geçirildi.
Bu mejlislerde ýurduň içeri hem-de daşary syýasatyna degişli möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy nygtaldy. Şeýle-de kabul edilen çözgütleriň döwlet dolandyryşynyň dürli ugurlaryna degişli bolandygy bellenildi.
Türkmenistanda 2025-nji ýylda onlarça döwlet mejlisi geçirildi
27
Dec
