Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Hökümetiň 13-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanyna 2025-nji ýylda milli ykdysadyýetiň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Hasabata görä, maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim üpjün edildi.
Pudaklaýyn ösüş görkezijileri hem beýan edildi: senagatda ösüş 1,8 , gurluşykda 7,9, ulag we aragatnaşyk pudagynda 9,8, söwdada 9,6, oba hojalygynda 7, hyzmatlar ulgamynda 7,5 göterime deň boldy.
Bu görkeziji 2025-nji ýylda ykdysadyýetiň pudaklarynda önümçiligiň kadaly depgin bilen alnyp barylandygyny, ýurdumyzyň ösüş meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň üpjün edilendigini görkezýän möhüm makroykdysady netije hökmünde nygtaldy.
Türkmenistanda 2025-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime deň boldy
14
Feb
