TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda 2025-nji ýylda düýpli maýa goýumlaryň meýilnamasy doly ýerine ýetirildi

Hökümetiň 13-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanyna 2025-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlar boýunça meýilnamanyň doly ýerine ýetirilendigi habar berildi. Şeýle maýa goýumlaryň möçberi 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 6 göterim artdy.
Bu görkeziji ýurduň önümçilik hem-de durmuş maksatly taslamalaryna goýlan serişdeleriň depginli özleşdirilendigini görkezýär. Maýa goýumlaryň artmagy täze desgalaryň gurluşygyna, önümçilik kuwwatlarynyň giňelmegine şert döredýär.
Şeýle-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022—2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” amala aşyrylyşy boýunça hem hasabat berildi.