TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda 2025-nji ýylda 40,7 millard manatdan gowrak maýa goýum serişdeleri özleşdiriler

Türkmenistanda şu ýylyň ahyryna çenli 40 milliard 72 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlar özleşdiriler. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» esasynda ýurdumyzy ösdürmek üçin şu ýylyň ahyryna çenli şunça maýa goýum serişdesi özleşdiriler. Bu bolsa täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary gurmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga şert döredýär. Ýurtda mätäçlik çekýän raýatlar üçin döwlet serişdeleriniň hasabyna ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş
jaýlary gurlup, goşmaça durmuş ýeňillikleri döredilýär.