YKDYSADYÝET

Türkmenistanda 2023-nji ýylyň ilkinji aýynda içerki önümiň ösüş depgini hasaba alyndy

2023-nji ýylyň birinji aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini hasaba alyndy we ol 6,2 göterime deň boldy.

Ýanwar aýynda öndürilen önümleriň derejesi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 5,8 göterim köpeldi. Ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda oňyn netijeler gazanyldy.

Hasabat döwründe bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi ,2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim artdy.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 115,7 göterim, çykdajy böleginiňki bolsa 97,4 göterim berjaý edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: