TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda 2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edildi

Türkmenistanda 2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi bu barada degişli karar kabul etdi.

Resminamada şeýle karara «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan deňsiz-taýsyz üstünliklerini we durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelerini, ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilen beýik işleriň ähmiýetini, Türkmenistanyň oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, ýaş nesli watançylyk we Arkadagly zamanamyza buýsanç ruhunda terbiýelemek maksady bilen, şeýle hem ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky ägirt uly üstünlikleriniň milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen gazanylandygyny, netijede, milli döwletlilik ýörelgelerine daýanyp, kämil döwlet gurmakda, jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmakda täze derejelere ýetip, türkmen halkynyň öz Arkadagy bilen XXI asyryň üçünji onýyllygynda täze döwre, täze zamana gadam basandygyny nygtamak bilen hem-de 2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmak hakynda ýurdumyzyň döwlet edaralaryndan, guramalaryndan, kärhanalaryndan, iri jemgyýetçilik birleşiklerinden we raýatlarymyzdan gelip gowşan hem-de ähli halkymyz tarapyndan giňden goldanylan köp sanly teklipleri nazara alyp» gelnendigi bellenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: