SYÝASAT

Türkmenistanda 2021-nji ýylyň 13-nji maýynda Oraza baýramy belleniler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Oraza baýramyny bellemek hakynda» Permana gol çekdi. Resminamada: «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has¬-da berkitmek, türkmen halkynyň köpasyrlyk däp¬-dessurlaryna aýawly çemeleşmek, gymmatly ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81¬-nji maddasyna laýyklykda, türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2021-¬nji ýylyň 13¬-nji maýynda bellemeli» diýlip bellenilýär.
Şonuň ýaly-da, Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň üpjün etmelidigi tabşyryldy.
Perman metbugatda çap edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply