TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda 18 ýaşdan kiçi raýatlar pagtaçylyk bilen meşgullanmaz

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň karary bilen, “Pagta
ýygymçy” we “Pagtaçy” hünärleri 18 ýaşdan kiçi raýatlaryň işlemegi gadagan edilen zyýanly we howply hünärleriň sanawyna goşuldy.
Ministrligiň 2024-nji ýylyň 12-nji iýulynda çykaran 105-iş belgili buýrugy, 2018-nji ýylda kabul edilen we on sekiz ýaşyna ýetmedik adamlaryň zähmetiniň ulanylmagyna ýol berilmeýän hünärleriň sanawyny öz içine alýan düzgünnama esasynda girizildi. Bu täze karar bilen, ýaş işçileriň zähmet hukuklaryny goramak we iş şertleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen pagtaçylykda işlemek boýunça gadaganlyk kanunçylyk taýdan berkidildi.
Bu düzgünnama 2024-nji ýylyň tomsunda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi web
sahypasynda çap edildi we resmi taýdan güýje girdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: