TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistana Russiýadan iki sany teplowoz gelip gowşar

«Трансмашхолдинг» Türkmenistanyň «Demirýollarynyň» operatoryna ýurduň çäginde ulanmak üçin ýolagçy we ýük teplowozyny iberdi. Bu barada Russiýanyň «Прайм» ykdysady maglumatlar agentligine salgylanmak bilen, «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty ýazýar.

«Demirýollary» Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «Трансмашхолдинг» paýdarlar jemgyýetinden «ТЭП70БС» ýolagçy teplowozyny we «2ТЭ25КМ» magistral teplowozyny satyn aldy. Teplowozlar Aşgabat deposyna iberildi» diýip, holdingiň daşary gatnaşyklar we korporatiw kommunikasiýalar boýunça direksiýasynda habar berdiler.

Tehnika geçen ýylyň güýzünde baglaşylan şertnama laýyklykda iberildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: