YKDYSADYÝET

Türkmenistana iki sany täze ýük teplowozy gelip gowuşdy

Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alynan täze teplowozlar ýurduň «CRRC Ziyang Co» zawodynyň önümidir. Olar ygtybarlylygy hem-de ýokary ýük çekijiligi bilen aýratyn tapawutlanýar. Ýokary hilli täze teplowozlaryň gelip gowuşmagy demir ýollaryň has netijeli işlemegine, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşini ýokarlandyrmaga ýardam berer.

Türkmenistanda Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen demir ýol ýolagçy wagonlary, teplowozlar giňden ulanylýar. Şu döwürde olar özleriniň ygtybarlylygyny we hilliniň ýokarydygyny subut etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: