LUKMANÇYLYKTÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistana COVID-19 ýiti ýokanç keseline garşy Hytaýyň «CoronaVac» waksinasynyň uly tapgyry getirildi

COVID-19 ýiti ýokanç keseline garşy Hytaýyň «Sinovac» kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan «CoronaVac» waksinasynyň uly tapgyry Türkmenistana getirildi, diýip «Türkmenistan» gazeti ýazýar. Dünýäniň ençeme ýurtlarynda geçirilen kliniki barlaglaryň netijesinde, bu waksina özüniň ýokary netijeliligini we howpsuzdygyny subut etdi.
Hytaýda öndürilip, ýurdumyza getirilen waksinalar Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde, şeýle hem Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynda saklanýar. Şol ýerlerde olary saklamak üçin hemme zerur şertler döredildi.
Koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda, ilatyň immun derejesini durnuklylaşdyrmak üçin ýurdumyz eýýäm Russiýanyň «Sputnik V» we «EpiWakKorona», şeýle hem Hytaý Halk Respublikasyndan “BIOwak” waksinalaryny alypdy.
Ýurdumyza getirilýän waksinalaryň hemmesi Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň we ÝUNISEF-niň tekliplerine pugta laýyklykda, «sowuklyk zynjyrynyň» talaplary berjaý edilmek bilen, ammarlarda saklanylýar.
COVID-19-yň aralaşmagynyň öňüni almaga niýetlenen waksinalaryň ýeterlik mukdarynyň gelip gowuşmagy bilen baglylykda, ilatyň töwekgel ýaş toparlaryna sanjym geçirmek başlanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply