TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistan ýyllyk daşary söwda dolanyşygyny 20 milliard dollara ýetirmegi meýilleşdirýär

Türkmenistan daşary söwda dolanyşygyny 2025-nji ýylda $20 milliarda ýetirmek bilen ony düýpli artdyrmagy maksat edinýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.
Jemi içerki önümiň çaklanylýan ösüş depgini 6,3 göterime deň bolar, bölek haryt dolanyşygynyň
görkezijisi bolsa 169,2 milliard manada ýetirilmelidir.
Bu maksatlar “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere girýär.