BIZE YAZYARLAR

Türkmenistan we ÝUNESKO

ÝUNESKO- bu Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasydyr. Bu gurama her bir halkyň umumyadamzat gymmatlyjklaryna we gazananlaryna hormat goýmak maksady bilen ýer ýüzünde birnäçe işleri amala aşyrýar. ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasy Fransiýanyň Pariž şäherinde ýerleşýär.
Türkmenistan 1993-nji ýylda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. 1994-nji ýylda bolsa ÝUNESKO-nyň “Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky” Konwensiýasyna goşuldy. Häzirki wagtda biziň ýurdumyzyň çäginde taryhy we medeni ähmiýetli 1000-den gowrak ýadygärlikler
ýüze çykaryldy we hasaba alyndy. Bu Konwensiýanyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna aşakdakylar girizildi:
-1999-njy ýylda ilkinji gezek “Gadymy Merw” döwlet medeni taryhy goraghanasy,
-2005-nji ýylda “Köneürgenç” döwlet medeni taryhy goraghanasy,
-2007-nji ýylda “Nusaýyň Parfiýa galalary” döwlet medeni-taryhy ýadygärligi,
-2015-nji ýylda “Görogly” şädessany maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy,
-2016-njy ýylda Köpmilletli “Nowruz baýramy”
-2017-nji ýylda “Küştdepdi” türkmen milli aýdym-tans sungaty maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy,
-2019-njy ýylda Türkmen milli halyçylyk sungaty.
Mundan başgada Dutar ýasamak sungaty, Ahalteke atlaryny seýislemek sungaty, Türkmen Alabaýlaryny ýetişdirmek sungaty ýaly işler ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürlenildi.

Sadatjan JUMANIÝAZOWA,
Darganata etrabyndaky 6-njy orta mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: