BILIMDÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Türkmenistan we Türkiýe bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistan we Türkiýe bilim ulgamyndaky iki taraplaýyn gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini giňeltmekçi. Bu mesele degişli türkmen-türk geňeşiniň onlaýn görnüşinde geçen 3-nji maslahatynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkiýäniň Milli bilim ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanmak bilen «centralasia.news» saýty habar berýär.
Duşuşykda pandemiýa döwründe bilim ulgamyna goldaw bermekde toplanan tejribäni alyşmagy işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar. Şonda aralykdaky bilimi ösdürmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi.
Türk ministri 1999-njy ýyldan 2020 ýyla çenli türkmen raýatlarynyň müňlerçesine bilim almak üçin talyp haklarynyň berlendigini we bu talyplaryň medeniýetiň ilçileri bolýandygyny nygtady.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply