Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyň işiniň netijeli boljakdygyna, şeýle hem forumyň çäklerinde gazanyljak ylalaşyklaryň gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň durnukly ösmegine oňyn täsir etjekdigine ynam bildirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.
Türkmenistan we Täjigistan Awaza forumynyň uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynam bildirýär
05
Aug
